«GÖROGLY» ŞADESSANYNDA TÜRKMEN MILLI SEÝISÇILIK SUNGATY

3 Aprel 2024
358

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan behişdi bedewlerimize goýulýan belent sarpa has-da ýokary derejelere çykarylýar. Atçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikler bu günki gün şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň at-abraýyny mundan beýläkde ýokary götermek babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy özeni bolmak bilen, gadymdan gelýän atşynaslyk sungatynyň milli ýörelgelere esaslanyp kämilleşmegine hem aýratyn üns berilýär. «Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň» ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda alyp barýan netijeli işleriniň aýdyň nyşanydyr.

Milli atşynaslyk däpleri gadymdan bäri türkmen halkynyň özüne mahsus we sungat derejesine çykaran hünärleriniň biridir. Gadymy atşynaslyk we seýisçilik sungatymyz hakynda biziň halk döredijiligimizde hem, nusgawy edebiýatymyzda hem inçelik bilen beýan edilýär. Türkmen halkynyň mertliginiň we gaýduwsyzlygynyň beýanyna öwrülen «Görogly» şadessanynda gadymy seýisçilik sungatymyzyň milli öwüşginleri has aýdyň görkezilýär. Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewlerimize bagyşlap ýazan «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda «Görogly» şadessany hakynda şeýle belleýär: «Görogly» halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bilen bile ýaşaýan kyssalardyr. Şondan hemişe özüne ruhy hemaýat hem-de gurbat alyp bilýändigi üçinem, il-ulsumyz mertebeli ýaşaýandyr, nesillerine mynasyp terbiýe berýändir». Şu dürdäne sözlerden görnüşi ýaly, «Görogly» şadessany halkymyzyň durmuş hakykaty, ömür pelsepesi. Bu atşynaslyk we seýisçilik babatynda hem şeýle.

ATANUR KLYŞOW
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.