Ýurdumyzyň ösüşleri — berkararlygymyzyň nyşany

3 Aprel 2024
373

Eziz Diýarymyzda Milli Liderimiziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty bilen hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň utgaşmagyndan beýik işler hasyl bolýar. Munuň özi ýurdumyzda badalga berilýän başlangyçlaryň, ilkinji nobatda, halk bähbidinden ugur alýandygyny, her bir raýatyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmegiň ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş syýasatynyň baş maksadydygyny aýdyň görkezýär.

Ajaýyp zamanada ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, bu ugurda ýokary ösüşleri gazanmak, sanly ykdysadyýete geçmek babatda işler giň gerimde alnyp barylýar. Ykdysadyýete ylmyň soňky gazananlaryna daýanýan innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, milli we döwlet maksatnamalarynda bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ykdysady syýasatyň möhüm ugurlary bolup durýar. Bu syýasatyň durmuşa geçirilmegi netijesinde durmuş-ykdysady taýdan öňegidişlikler gazanylýar. Munuň özi Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady bolup, bagtyýar durmuşymyzy üpjün edýär.

Gulatar Gazakow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň başlygy.