Ynsanperwer syýasatyň esasy

3 Aprel 2024
363

Adam saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, işjeň sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýete ornaşdyrmak döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri üçin zerur şertler döredilýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde bejeriş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezleriniň, köpugurly hassahanalaryň, şypahanalaryň, sport mekdepleriniň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, stadionlaryň gurlup ulanmaga berilmegi muňa subutnamadyr. Bu ugurda kanunçylyk-hukuk namalarynyň, maksatnamalaryň kabul edilmegi halkyň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladanyň kepilidir. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalar jemgyýetiň sagdynlygynyň goragyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň esasyny düzýär.

Eziz Ýarjanow,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň maglumatlary seljeriş boýunça döwlet bellige alyjysy, 2-nji derejeli ýurist.