Watansöýüjiligiň görelde mekdebi

3 Aprel 2024
433

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Şahyr adamkärçilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen bütin adamzadyň kalbynda orun aldy. Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, daşary ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda uly tagallalar edýärler.

Dana Pyragynyň şygyrlarynda milletimiziň ruhy gözellikleri, adamkärçilik, ynsanperwerlik nusgawy derejede beýan edilýär. Diňe bir halkymyzyň däl, tutuş adamzadyň kalbynda, aňynda olaryň eşrepi ýaly saklanyp, şu günlere getirilendigi we röwşen geljege alnyp barylýandygy guwandyryjydyr hem buýsandyryjydyr.

Yhlas Öräýew,
Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy prokurorynyň tälim alyjy uly kömekçisi.