Kalpda orun alan keşpler

3 Aprel 2024
460

Magtymguly Pyragynyň nakgaşçylyk keşbi hakynda gürrüň edilende, ilki bilen biziň aňymyzda türkmen şekillendiriş sungatynda öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, professor Aýhan Hajyýew janlanýar.

Ol 1924-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda dünýä inýär. 1947-nji ýylda paýtagtymyzda Magtymgulynyň keşbini döretmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşigine gatnaşan zehinli suratkeş şol wagt Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň 3-nji ýyl talyby eken. A.Hajyýew, ilki bilen, şahyryň dogduk obasy Gerkeze baryp, onuň dogan-garyndaşlary bilen söhbetdeş bolýar. Magtymgulynyň garyndaşlarynyň keşplerini çekişdirip, şahyryň keşbine golaýlyk gözleýär, obadaşlaryndan Magtymgulynyň keşbi, endikleri barada jime-jik soraşdyrýar. Edebi çeşmelere ýüzlenýär, Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Mäti Kösäýew ýaly ýazyjylar, alymlar bilen maslahatlaşýar. Şol irginsiz gözlegleriň netijesinde hem Magtymguly Pyragynyň keşbi kemala gelýär.

Abdylla Nurbadow,
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygynyň orunbasary.