Täzelikler

3 Aprel 2024
434

Türkmenabadyň S. A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üç aýy şowly jemlenildi.

Kärhanada ýylyň başyndan bäri 42 300 tonna fosforly mineral dökünler öndürildi. Meýilnama 124, 4 göterim ýerine ýetirildi. Ýylyň başyndan bäri buýurmalara görälikde kükürt kislotasynyň 29600 tonnasy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli derejesindäkiden ep-esli köpdür. Zawodda öndürilýän senagat ähmiýetli kükürt kislotasy ýurdumyzyň çägindäki senagat kärhanalary tarapyndan giňden peýdalanylýar.