Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy kabul edildi

3 Aprel 2024
412

2-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistan bilen MHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler. Şeýle-de Türkmenistan tarapyndan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, adam söwdasyna garşy göreşmek meseleleriniň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde garalýandygy bellenildi.