Halkara giňişlikde

2 Aprel 2024
372

«Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň Sekretariaty açyldy

30-njy martda Şensi welaýatynyň Sian şäherinde Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ýeri gelende bellesek, bu düzüm geçen ýylyň maýynda agzalan döwletleriň Baştutanlarynyň ilkinji altytaraplaýyn sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasynyň esasynda döredildi. Möhüm waka mynasybetli dostlukly ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gutlag ýüzlenmeleriniň okalmagy çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hatynda bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny nazara alyp, türkmen tarapynyň özara gatnaşyklary has-da giňeltmäge saldamly goşant goşmaga taýýardygy mälim edilýär.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».