ÝAPONIÝANYŇ TOKIO ŞÄHERINDE TÜRKMEN-ÝAPON KIÇI WE ORTA TELEKEÇILERINIŇ IŞEWÜRLER FORUMY GEÇIRILDI

1 Aprel 2024
403

27-nji martda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde, Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň binasynda Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriň işewürler forumy geçirildi. Bu foruma türkmen tarapyndan Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy, Türkmenistanyň dokma senagaty ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şeýle-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Söwda-senagat edarasynyň agzalary, hususy telekeçiler gatnaşdylar. Bu foruma ýapon tarapyndan Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň başlygy Norihiko Işiguro, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri jenap Rýosukr Kozuke, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon bilelikdäki komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Masumi Hara, Ýaponiýanyň «EKSPO 2025» Bütindünýä sergi Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsu, şeýle-de Ýaponiýanyň birnäçe kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriň işewürler forumyna türkmen tarapyndan 30-dan gowrak, ýapon tarapyndan bolsa 100-den gowrak ýolbaşçylar we wekiller gatnaşdylar.

«Biznes reklama».