Saglygym — baýlygym

1 Aprel 2024
477

Saglygy berkitmek üçin ýylyň ähli möwsüminde bedene zerur bolan şertleri döretmek hökmanydyr. Şahsy arassaçylyk şolaryň ilkinjileriniň biridir. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň pugta berjaý edilmegi ýüze çykýan dürli ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Ýokanç keselleri döredijiler göwnejaý ýuwulmadyk elleriň, doly arassalanmadyk iýmit önümleriniň üsti bilen we talabalaýyk bişirilmedik tagamlardan geçip bilýär. Şeýle keseller, köplenç, nähoşlardan howa-damja ýoly bilen sag gezip ýören adamlara ýokuşýar. Näsag adamlar üsgürende, asgyranda köp adamly ýerlerde kesel örän çalt ýaýraýar. Şunuň ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin öýleriň, iş otaglarynyň howasyny çalşyp, ýelejiredip durmaly. Zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen häli-şindi arassaçylyk işlerini geçirmeli. Arassa howadan dem almagyň özi saglyk üçin peýdaly bolup, bedene gurplandyryjy täsir edýär. Daşardan öýe gelnende, eller hökman sabynlanyp gowy ýuwulmalydyr.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda bahar aýlary dowam edýär. Şu döwürde gündizlerine howanyň üýtgäp durmagy saglyga täsir edip biler. Mümkin boldugyndan, nähoşluga eltýän sebäplerden gaça durmaga çalyşmalydyr.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäherindäki 6-njy saglyk öýüniň baş lukmany.