Hytaý kompaniýasy öz ýurdunda gazak harytlarynyň söwda öýüni açdy

1 Aprel 2024
229

«Jiangsu SOHO HoldingsGroup Co.Ltd» halkara kompaniýalar topary 30-njy martda Hytaý Halk Respublikasynyň Nanjing şäherinde Gazagystanyň harytlarynyň söwda öýüni açdy. Bu söwda öýi Gazagystanyň eksporty ösdürmek operatory «QazTrade» bilen «Jiangsu SOHO» tarapyndan baglaşylan hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygyň esasynda döredildi.

Täze açylan söwda öýünde Gazagystanyň Hytaý bazaryndaky iň meşhur önümleri görkeziler. Harytlary awtonom ýa-da elektron söwda platformasy arkaly satyn almak mümkinçiligi hem dörediler.

Jahan NURLYÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy