“Türkmendemirýollary” agentliginde Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk

1 Aprel 2024
474

30-njy martda “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda agentligiň başlygy Azat Atamyradow bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Demirýol ulaglary pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Hususan-da, iki ýurduň arasyndaky ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak we bäsleşige ukyply geçelgeleriň işlerini güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Täjigistan Respublikasynyň iri import we eksport edýän kompaniýalaryny Türkmenistanyň Demirýol ulaglary edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzdaky infrastrukturalar, ýük dolanyşygyny artdyrmak üçin Täjigistan Respublikasynyň demirýolçularyndan başga-da, logistiki kompaniýalary we önüm öndürijileri Aşgabat şäherine çagyrdy.