Köpugurly gatnaşyklaryň giň gözýetimleri

1 Aprel 2024
422

Tokioda Türkmen-ýapon işewürlik maslahaty geçirildi

Hususy ulgamda halkara gatnaşyklary giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýakynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahaty hem iki ýurduň hususy düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykardy. Giň gerimli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyzyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçy düzüminden we wekillerinden, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan, Söwda-senagat edarasynyň hünärmenlerinden, hususy telekeçilerden ybarat wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy.

(Ýörite habarçymyz).