Sportuň ynsan saglygyna täsiri

31 Mart 2024
581

Ynsan saglygy üçin sportuň ähmiýeti örän uludyr. Hereketiň az bolmagy adamyň işleýiş ukybynyň peselmegine, süňkleriň, myşsalaryň gowşamagyna, hatda içki organlaryň işleýşiniň üýtgemegine sebäp bolýar. Durmuşda ýeterlik işjeňligiň bolmazlygy bedeniň ähli ulgamynyň işiniň bozulmagyna sebäp bolýar. Netijede, dürli keseller döräp başlaýar. Şonuň üçin adam saglygy we sport biri-biri bilen baglanyşykly düşünjelerdir.

Fiziki zähmet myşsalary güýçlendirýär, süňk dokumalaryny gowulaşdyrýar. Mundan başga-da, sport bilen meşgullanýan adamyň diňe bir fiziki däl, eýsem, psihologik çydamlylygy hem artýar, sebäbi sport häsiýeti, ruhy güýji taplaýar. Sport bilen meşgullanmak gan damarlaryny sagdynlaşdyrýar, ýürek-damar ulgamynyň ýagdaýyny gowulaşdyrýar, bu bolsa dürli ýaşdaky adamlarda ýüze çykýan kellagyrynyň, howa garaşlylygynyň alamatlarynyň öňüni alýar.

Bahar NURSÄHEDOWA,
Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň lukmany.