«Açyk gapylar» syýasaty: hoşniýetli hyzmatdaşlyk — giň mümkinçilikler

29 Mart 2024
439

Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasy ugruny durmuşa geçirýär. Ata Watanymyz döwletara derejede netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär, şeýle hem bütin dünýäde parahatçylygyň ilerledilmegine mynasyp goşant goşýar, halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen şu ýylymyzyň üstünliklere beslenýän günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, oňa 86 ýurduň awtordaş bolup çykyş etmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Şeýle hem baharyň şu ajaýyp günlerinde ýurdumyzda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berilmegi, ol halkara forumlaryň ilkinjileriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat işinde medeni diplomatiýa aýratyn ähmiýet berýändigini görkezýär. Ata Watanymyza diňe bir türki dünýäniň ýurtlarynyň däl, eýsem-de bolsa, bütin dünýäniň ünsüni çekýän bu halkara çäreler — «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna üns berilmegini, şonuň esasynda-da baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar we türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýet ulgamynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlyga esaslanýar. Şeýle hyzmatdaşlyklar işjeň ilerledilip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri muňa aýdyň mysaldyr.

"Nesil".