Toý donuny geýdi Änew

29 Mart 2024
648

Hepdäniň başynda toý donuny geýen gadymy Änew şäherini görmäge göz, wasp etmäge söz gerekdi. Ýokary derejede geçirilen dabaralar, aýdym-sazyň owazy, gül-gülälege bürenen «Nowruz ýaýlasynyň» görküne görk goşdy. Şol dabaraly günde «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen söz ýüregimizde ýaňlandy durdy. Türki dünýäsiniň medeni paýtagty! Bu barada oýlananyňda, adamzadyň döreden gymmatlyklarynyň ählisini öz içine alýan medeniýet düşünjesi bilen baglanyşykly ýakymly duýgular kalbyňa dolýar. Adamzat taryhyň tutuş dowamynda ruhy isleglerini kanagatlandyrýan, güýç-kuwwat berýän sungaty özüne hemra edinip gelýär. Ynsanlar söýýän kärleri bilen meşgullanyp, özleri duýmazdan hem sungat eserlerini döredipdirler.

Her bir halkyň döreden sungaty biri-birinden tapawutlanýan hem bolsa, türki halklaryň medeniýetindäki meňzeşlikler, umumylyklar haýran galdyrýar. Şol umumylyklar bu günem doganlyk halklaryň kalplaryny birleşdirmäge ukyply güýje eýedir. Biz munuň şeýledigine «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň Ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärelere badalga bermek dabarasynda hem aýdyň göz ýetirdik.

Taýýarlan Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».