Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi

29 Mart 2024
454

28-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň, Gruziýanyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Makedoniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň, teleradio kompaniýalarynyň, kino birleşikleriniň, internet portallarynyň, gazet-žurnallarynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Ýewropa ýurtlarynyň Teleradioýaýlymlar birleşigi (EBU), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Radio we telewideniýe birleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Habarlar agentlikleriniň birleşigi (UNA) ýaly abraýly düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Wekilleriň hatarynda Kanadanyň “HEC Montreal” we Türkiýäniň Bahçeşehir uniwersitetleriniň mugallymlary hem bar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, dünýäniň ähli ýurtlary bilen döredijilikli, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Nobatdaky metbugat maslahaty hem halkara meýdançalarda ornuny pugtalandyrýan we maglumatlar giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki tagallalarynda ýene bir möhüm ädim boldy.