Sungat — gözellik täji

27 Mart 2024
391

Türkmenistanda pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň, milli medeniýetiň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär. «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gurulýan ajaýyp teatrlaryň, medeni merkezleriň, muzeýleriň, kinokonsert merkezleriniň bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemeginde ähmiýeti örän ýokarydyr.

Gözel paýtagtymyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, 2008-nji ýylyň 20-nji iýunynda paýtagtymyzyň adyny göterýän Aşgabat şäher häkimliginiň tans, orkestr we aýdymçylar toparyndan ybarat bolan «Aşgabat» döredijilik topary döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2009-njy ýylyň 28-nji dekabrynda durky täzelenen, döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan «Watan» kinokonsert merkezi açyldy. Bu binanyň içinde orkestr, tans toparlary üçin işlemäge we täze tanslary, eserleri döretmäge ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan. Tans toparynyň artistleri türgenleşik işlerini geçirmek üçin ýörite otaglar bilen üpjün edildi.

Ogultäç ALTYMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň 1-nji derejeli artisti.