Äleme ýaň salýar Änewiň ady

27 Mart 2024
381

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy sişenbe güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda bolup, ol ýurdumyzyň dost-doganlygyň, parahatçylygyň, toý-baýramlaryň mekanydygyny äleme aýan etdi.

Şol gün «Nowruz ýaýlasy» hakyky baýramçylyk keşbine beslendi. Dabara gatnaşmak üçin bu ýere gelenler joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylandy. Hatara düzülen ak öýleriň ýanynda guralan dürli çäreler halkymyzyň gadymy ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Gözel ýaýlada dabara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň sergi diwarlyklarynyň hem ýaýbaňlandyrylmagy dost-doganlygyň barha rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsine öwrüldi.

Aşyrberdi Gurbanow, «Balkan».
Surata düşüren Hasan Magadow.