Nurana geljege ynam döredýän güýç

27 Mart 2024
618

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alan düýpli we giň gerimli özgertmeler üstünliklere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alýan bu özgertmeler ýurdumyzyň geosyýasy, ykdysady serişdeler mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga ýardam berýär. Munuň şeýledigini ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda, sebitleri innowasiýa esasynda ösdürmekde, telekeçiligi goldamakda gazanylýan üstünliklerde doly görmek bolýar. Bu ösüşlerde kämil hukuk resminamalary möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy durnukly ösüşiň, abadan we bagtyýar durmuşyň hukuk esasyny düzýär. Adamyň we raýatyň hukuk larynyň konstitusion kepillikleri agzybir, zähmetsöýer halkymyz üçin nurana geljege, ösüşli ýollar bilen öňe gitmäge berk ynam döredýän güýçdür. Berkarar Watanymyzda döwletiň, hukuk ulgamynyň we hukuk tertibiniň esasy binýady bolup durýan Esasy Kanunymyzda ýurdumyzyň raýatlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy boýunça kepillikleriň mynasyp beýanyny tapmagy aýratyn buýsançlydyr. Munuň özi merdana halkymyzy ösüşiň täze sepgitlerine ýetmäge ruhlandyrýar.

Garmyrat Orazow,
Balkanabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.