Il-ýurt bähbitli işler

27 Mart 2024
297

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende galdyrýar. Ýurduň ykdysady ösüşiniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarynyň dabaralanýandygyny görkezýär.

Taryhy ösüşleriň amala aşyrylýan zamanasynda döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän, bellenen döwürde anyk wezipeleri öňde goýýan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşleri bilen berk baglanyşyklydyr. Şu maksatdan ugur alnyp, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda tutumly işler amala aşyrylýar. Geçen ýylda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda we beýleki ugurlarda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» täze üstünliklere badalga berdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda dürli maksatly ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berlip, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, döwletiň maýa goýumlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ähli pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen tutumly işler alnyp barlar.

Handurdy Ýegenmämmedow,
Etrek etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.