Beýik ösüşler — täze üstünliklere badalga

27 Mart 2024
500

Täze taryhy eýýamda beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň bähbidine gönükdirilen tutumly işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulanýar. Merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi bolsa, ata Watanymyzyň ösüş strategiýasynyň baş maksadydyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň halkymyzyň bagtyýar durmuşda bolelinlikde ýaşamagyna, milli ykdysadyýetiň, önümçiligiň çalt we durnukly depginler bilen ösmegine amatly şertleri döredýändigini aýratyn belläp geçýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeler hem-de ähli ugurlarda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler möhüm ähmiýete eýedir. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýar hem-de halk baradaky aladany özünde jemleýän maksatlara ýetmekde täze mümkinçilikleri açýar.  

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, senagat, oba hojalygy, medeniýet, bilim we beýleki ugurlaryň sanly ulgam arkaly ösdürilmegi, halkara standartlara laýyk gelýän täze, döwrebap innowasion tehnologiýalaryň we enjamlaryň ähli ulgamlara giňden ornaşdyrylmagy uly ösüşleriň gazanylmagyny şertlendirýär. Has dogrusy, öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolan sanly ykdysadyýet ýurdumyzda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ygtybarly esas bolup durýar. Umuman aýdanyňda, milli ykdysadyýete dünýä tejribelerine daýanýan sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak ýokary depginler bilen ösýän, dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen ykdysadyýeti kemala getirmekdir.

Maýa Baýrammämmedowa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.