Aýdyň wezipeleri nazarlap

27 Mart 2024
366

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň abadan, bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagynyň, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň bähbidine durmuşa geçirýän döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir.

Berkarar döwletimizde geçen ýylda hem ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň köptaraply özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda möhüm tapgyr bolandygy barada hormatly Prezidentimiziň 9-njy fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 22-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde giňişleýin gürrüň edildi. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň jemine bagyşlap geçiren giňişleýin mejlisde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi bolsa üstümizdäki ýylda has uly sepgitleriň nazarlanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Narly Ataýew,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.