Ýylyň şanly wakasy

27 Mart 2024
303

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly ösüşler gazanylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly şanly hem taryhy wakalara beslenýär. Üstümizdäki ýylyň şeýle wakasy hökmünde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny buýsanç bilen görkezip bileris. Türkmeniň milli buýsanjyna öwrülen Gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň şanly senesi mynasybetli guralýan dürli çäreleriň häzirki günlerden dünýäniň çar künjegini gurşap alandygy bolsa aýratyn guwandyryjydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «2024-nji ýyl beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak şanly senelere beslener. Biz halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, taryhy-medeni mirasynyň goralyp saklanmagyna, ylmy esasda çuňňur öwrenilmegine we wagyz edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris» diýip, türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda aýratyn nygtamagy-da bu möhüm senäniň döwletimiziň we halkymyzyň durmuşynda taryhy ähmiýete eýedigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.

Halkymyzyň öz beýik şahsyýetlerine çäksiz hormat-sarpa goýýandygyna şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Üç asyr bäri şygyrlarynda öňe süren pähim-paýhasly öwüt-ündewleri türkmen halkynyň durmuşynda ýol-ýörelge bolup gelýän dana şahyrymyzyň şan-şöhratynyň Ýer ýüzünde has-da beýgelmegi üçin taýsyz tagallalary edýän döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Nurgözel Garlyýewa,
welaýat raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölüminiň esasy hünärmeni.