Ilatyň abadan ýaşaýşynyň hyzmatynda

25 Mart 2024
290

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba-şäherlerini agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge çynlakaý üns bermek bilen, möhüm wezipeleri kesgitledi. Bu möhüm işe biziň birleşigimiziň işgärleri agzybirlik bilen gatnaşýarlar. Biziň gündelik işimiz welaýatymyzyň obalaryny, şäherçelerini we şäherlerini gowy hilli agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, lagym suwlaryny akdyrmak bilen baglanyşykly. Bu babatda üstümizdäki ýylyň geçen döwründe önjeýli zähmet çekildi. Şonuň netijesinde welaýatymyz boýunça ilatly ýerlere agyz suwunyň 4,8 million kub metre golaýy berildi. Onuň 3,6 million kub metre golaýy welaýat merkezimize berildi.

Ýüzlerçe kilometre uzaýan suw geçirijileriň we lagym ulgamlarynyň abat ýagdaýda bolmagyny gazanmak üçin degişli abatlaýyş işleri yzygiderli geçirilip durulýar. Has takygy, şu ýylyň geçen aýlarynda suw geçirijileriň 630 metrden gowragy, lagym geçirijileriň bolsa 160 metre golaýy täzelenildi. Möhüm işlerde Şemşat Kulyýewa, Gülşirin Kadyrowa, Bahar Açilowa, Rustem Rustamow, Atamyrat Altyýew, Aýgül Mametkulyýewa, Rahat Egemberdiýewa ýaly hünärmenlerimiz ýokary başarnyk we tutanýerlilik görkezýärler.

Kutlymurat ABAÝEW,
«Lebapwelaýatagyzsuw» birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.