«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýaz-tomus möwsümi üçin gatnaw meýilnamasynda Aşgabat bilen Moskwanyň aralygyndaky uçuşlaryň sanyny artdyrar.
Täzelenen tertibe laýyklykda, 2024-nji ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabryna çenli Türkmenistanyň we Russiýanyň paýtagtlarynyň arasynda gündelik uçuşlaryň sany bäşden alty gatnawa çenli artar.