Halkara giňişlikde

23 Mart 2024
380

Halklary ýakynlaşdyrýan baýramyň dünýädäki dabaralary

Gündogar halklarynyň Nowruz baýramy dünýäde medeni-ynsanperwer ýörelgeleri kämilleşdirmäge, halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem ýardam berýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji martynyň «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edilmegi, Nowruz baýramynyň däp-dessurlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi onuň halkara derejedäki ähmiýetiniň ykrar edilmesidir. Şoňa görä-de, bu bahar baýramy Ýakyn Gündogar, Merkezi Aziýa, Kawkaz sebitleriniň, Balkan ýarymadasynyň ýurtlarynda giňden bellenilýär.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».