Bilşimiz ýaly, 16-njy martda hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi adamzadyň durmuşynda hemişe wajyp hasaplanylyp gelinýär. Alymlaryň hem-de hünärmenleriň tassyklamaklaryna görä, şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde, ulag ýollarynyň ýakalarynda, şypahanalaryň çäklerinde saýaly baglaryň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär, munuň bolsa adamlaryň saglygyna oňyn täsiriniň uludygy öz-özünden düşnüklidir.
Sähra giňişliklerinde bag nahallarynyň ekilmeginiň ilatly ýerleri epgekden we tozanly ýellerden goramakda ähmiýeti örän uludyr. Gür baglaryň sil suwlarynyň täsirini peseltmekde we umuman, amatly howa gurşawyny emele getirmekde ähmiýetlidigini bellemek gerek. Suw akabalarynyň kenarlaryna saýaly baglaryň ekilmegi topragy we kenary berkitmekde möhüm hasaplanylýar. Ýurdumyzyň dag eteklerinde arçalaryň ekilmegine möhüm ähmiýet berilýär.