Bag ek­me­giň so­ga­by

23 Mart 2024
363

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ryn­dan ugur al­nyp, her bir des­ga­nyň tö­we­re­gi ýa­şyl zo­lak­la­ra, bag­la­ra bü­ren­ýär. To­kaý zo­lak­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de ho­wa­nyň dü­zü­mi hem go­wu­lan­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bin­ýa­dy­ny go­ýan hem-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň do­wam et­dir­ýän eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň öze­nin­de jem­gy­ýe­tiň sag­dyn ösü­şi­ni te­bi­gy gur­şaw bi­len saz­laş­dyr­mak üçin ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek ar­ka­ly adam­la­ryň dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky ala­da­lar dur­ýar.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da gö­zel te­bi­ga­ty­my­zy go­ra­ma­ga, ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da we we­la­ýat­la­ry­myz­da şä­her­le­riň­dir oba­la­ryň gör­kü­ne görk goş­ýan, ho­wa­nyň dü­zü­mi­ni kis­lo­rod bi­len baý­laş­dyr­ýan, yn­san sag­ly­gy­ny ber­kid­ýän agaç­lar köp­çü­lik­le­ýin ekil­ýär. «Ýa­şyl süz­güç» bo­lup hyz­mat ed­ýän bag­la­ryň ho­wa­da­ky to­zan, çaň, tüs­se, gu­rum, zy­ýan­ly gaz­lar ýa­ly dür­li gör­nüş­li ga­lyn­dy­la­ry­ny özün­de sak­lap gal­ýan­dyk­la­ry we zy­ýan­syz­lan­dyr­ýan­dyk­la­ry su­but edi­len­ hakykatdyr.

Beg­my­rat OJA­ROW,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň diň­leý­ji­si.