Welaýatlardan habarlar

22 Mart 2024
433

Golaýda TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly, sözüň bilene sözdür» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ylym we bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşykda nygtalyşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilmegi buýsançlydyr. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez döredijiligini arşa götermek ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.