Nah ýüplüge isleg uly

22 Mart 2024
311

Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasynda ýylyň başyndan bäri nah ýüplügiň 929,5 tonnadan gowragy öndürildi. Bu görkeziji fabrikde şu ýylyň geçen iki aýynda önüm öndürmek boýunça meýilnamanyň 104 göterime golaý berjaý edilendigine şaýatlyk edýär.

Dünýäniň ösen döwletleriniň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan kärhanada öndürilýän, taýýar görnüşdäki fiziki agramy bir kilograma barabar bolan nah ýüplügiň 34/1 belgili görnüşi has geçginli önümleriň hatarynda orun alýar. Ol ýokary hilliligi, inçeligi bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde, bu görnüşdäki nah ýüplük ýurdumyzyň dokma toplumlary we daşary ýurtly sargytçylar tarapyndan ýokary islegden peýdalanýar. Önümçilik düzüminde nah ýüplügi sargytçylara wagtynda we ýokary hilli taýýarlap, bökdençsiz ýetirmek üçin işçi-hünärmenleriň 150-ä golaýy gije-gündiziň dowamynda üç iş çalşygynda tutanýerli zähmet çekýär. Kärhananyň önümleriniň ýurdumyzyň önüm öndürijilerine hem-de Russiýa Federasiýasyna, Türkiýe we Belarus Respublikalaryna eksport edilmegi önümçilik depgininiň barha ýokarlanmagyna şert döredýär.

(Öz habarçylarymyz).