Sport — saglygyň gözbaşy

21 Mart 2024
482

Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýete giňden ornaşdyrmak, agzybirlikde uly üstünlikleri gazanmak, ynanyşmagy berkitmek babatdaky umumadamzat ähmiýetli taglymatlaryndan gözbaş alýan ýurdumyzyň sport syýasaty parahatçylygyň ilçisi bolup, dünýä dostluk nuruny saçýar.

Alym Arkadagymyz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly eserinde:  «Biziň eziz Diýarymyzyň geljegini has-da rowaçlandyrmak hakyndaky düýpli aladalarymyzyň esasynda Watanymyza iňňän uly söýgimiz, tutanýerlilik hem-de maksadaokgunlylyk bilen ýaýbaňlandyran beýik ynsanperwer ýörelgelerimiz bardyr. Şular hem sagdyn durmuşy söýmäge, bagtyýar ýaşaýşy kemala getirmäge, dostluga hem-de agzybirlige gönükdirilen tutumly maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmegimiziň esasy şertidir» diýip, dünýäde Ösüş arkaly parahatçylygy gazanmakda sport diplomatiýasynyň ähmiýetini nygtaýar.

Yklym BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.