Gahryman Serdarym!

21 Mart 2024
566

“Şu döwrümize, döwranymyza, eşretli eýýamymyza döneýin!” diýip ýöne ýere kän gaýtalaýan däldirin. Sebäbi bu owazda hoşluk bar, joşgun bar, ýaşaýşa uly höwes bar. Bu ajaýyp döwür ykballaradyr, bagtyň daş ýarmasydyr. Ynsan ömründe hiç mahal bolmadyk zamandyr bu. Gadyry-gymmaty, sarpasy-sylagy ýürekleriň töründedir.

Bu bagtyýar günleriň bina bolmagynyň sakasynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň durandygy ählimize aýan hakykat. Beýik işlere badalga bermek bilen birlikde, olary dowamata ýollamagam bar. Yzyňa eýerjek, ösüşlere täze öwüşgin berjek nesil gerek. Ine, şonda ýurt galkynýar, Haktarapyn ýalkanýar.

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.