Tebigatyň täzeleniş toýy

21 Mart 2024
433

Ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň «Jahan peýda» şygrynda taryp edilen, älem-jahana «reň kyldyrýan», «bijanlar jana gelýän» Täze gün — Nowruz geldi. Birleşen Milletler Guramasynyň ykrar etmegi bilen, 2010-njy ýyldan bäri halkara baýram hasaplanýan Nowruz halkymyzyň milli baýramy hökmünde hem dabaraly bellenilýär. Luw ýylynyň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharyny garşy alan ilimizde bu ýylky Nowruzyň tutumy-da, dabarasy-da uludan. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Milli bahar baýramy mynasybetli türkmen halkyna Gutlagy ildeşlerimiziň toý ruhuny has-da belende göterdi.

Pasyllaryň ählisi-de öz ýerinde gerekli hem arzyly. Hemmesine-de taýynlyk görlüp garaşylýar. Olaryň biriniň tamamlanyp, beýlekisine geçileni hemişe äşgär bildirip hem durmaýar, ýöne bahar babatda hemme zat başgaça. Tebigatyň, durmuşyň täzelenişini, ynsan ruhunyň galkynyşyny, duýgularyň terlenip, ýaşaýşa höwesiň artyşyny alamatlandyrýan baharyň garşylanylyşy-da bir başga. Güýz gussaly, sary lybasa bürenen, gyş gelenden soň, reňkleri has-da garyplaşan tebigat birneme ýüreklerimizi gysdyrýarmy ýa gazaby bilen surnukdyrýarmy, garaz, adamlar hiç bir pasla bahara garaşylyşy ýaly garaşmaýarlar. Gijeleri kimin uzak gyşy gysgaltmak, bölüp-bölüp ýeňilräk geçirmek isleýän ýaly, adamlar gyşy garagyş, uly çille, kiçi çille, giçki garagyş ýaly möwsümlere bölýärler.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».