Lebapda Nowruzyň şanyna uludan toý tutuldy

21 Mart 2024
629

Bahar paslynyň gelmegi bilen türkmen tebigaty gök begrese, al-elwan güllere beslendi. Ynha, şanly ýylymyzyň şu ajap çagynda güneşli ülkämiziň çar künjeginde bolşy ýaly, Lebap ilinde-de Milli bahar baýramy uludan toýlanyldy.

Türkmenabat şäheriniň görküne-görk goşup oturan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki bezemen meýdança welaýatymyz boýunça esasy baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň, el işleriniň, oba hojalyk önümleriniň sergisi guraldy. Welaýatymyzyň sungat ussatlary ýörite taýýarlanylan konsert bilen çykyş etdiler. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, joşgunly tanslary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň, il agzybirliginiň, bosagadan ätläp gelen pasly-baharyň, Halkara Nowruz gününiň waspy bolup ýaňlandy. Welaýatymyzyň folklor toparlary kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän Nowruz baýramy bilen bagly däp-dessurlary, urp-adatlary janlandyryp, tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.