Belent sepgitler dowamat-dowam

20 Mart 2024
328

Mundan iki gün ozal Arkadagly Gahryman Serdarly ýyllarymyzyň üçünjisine gadam goýduk. Döwlet Baştutanymyzyň geçirilen ählihalk saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde kasam kabul eden şanly senesine 19-njy martda iki ýyl doldy. Şondan bäri bu sene Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar raýatlary hökmünde biziň üçin iň ýakymly, iň şanly günleriň birine öwrüldi. Çünki güneşli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň aýdyň ýoluny, döwletlilik ýörelgesini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýetilen belent sepgitler her birimiziň göwnümizde tagt gurdy.

Iki ýyl goja taryh bilen deňeşdirilende uly möhlet däl. Ýöne Arkadagly Gahryman Serdarly ýyllarymyzyň halkymyza, şol sanda dünýä giňişligine bagyşlan eşretleri öz nury bilen asyrlary ýagtyldyp biljek derejede kämil. Bu ýyllara Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bolsa Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde alyp baran sazlaşykly işleri ýakymyny çaýýar.

Ogulnur HAÝYDOWA,
«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saýat etrabynyň «Watan» daýhan birleşigindäki agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.