POLAT ALAWDA TAPLANÝAR

18 Mart 2024
401

Daň saz bermänkä çekijiň sandala degip çykarýan owazy töwerek-daşy ukudan oýardy. Boldumsaz şäheriniň eteginde ýerleşýän ussahananyň degre-daşynda janlanyş peýda boldy. Ilkinji «zarňyldyly» owazdan ürken guşjagazlar birbada güsürdeşip gürre göge göterildi-de, ussahananyň depesinde bir öwrüm etdiler. Olar çekijiň yzygiderli urgularyndan özlerine hiç hili garaw ýokdugyny aňan ýaly ýene baglaryň şahalaryna gondular. Hamala guşlar özlerinden öňürdip täze dogup gelýän Güni töwerek daşa çekijiň sesi bilen buşlaýan demirçi ussalardan nägile bolýan ýaly «jagyr-juguryny» has-da güýçlendirdiler.

Daş işikde peýda bolan Batyr aga her säheri şu ahwal bilen garşy almagy endik edipdi. Il içinde idegli demir ussasy, ökden alçy diýlip tanalýan Batyr Durdymedowyň ussahanasynda indi ençeme wagtdan bäri ogullary Möwlamberdidir Jepbarberdi zähmet çekýär. Olar her gün dünýä ýagtylmanka sandaldyr körügiň başynda häzir bolýarlar. Batyr aga halypasy Hudaýar ussadan, babasy Aman ussadan öwrenen hünärini ogullarynyň dowam etdirýändigine her daýym buýsanýardy.

Gurban GURBANOW
«Arkadagly Ýaşlar».