GARAŞYLMADYK TOÝ

18 Mart 2024
371

«640-njy gün. Soňky hat». Muny esger ýandepderçäme belläpdirin. Laýyk mundan üç aý ozal, bu senden gelen soňky hatdy. Dogrusy, meniň özüm şuny–harby gulluk borjumyň galan üç aýyny okuw geçirmeli bolup, indi hat ýazmazlygyňy isläpdim. Üç aýdan soňra harby gullugy tamamlap, öýe baranymda ýüzbe-ýüz görşeris, gürleşeris diýip haýyş edipdim. Sen hem Watan gullugynyň has möhümdigini nygtap, garşy bolmandyň.

Kakamyň diýşi ýaly, sanalgy gün tiz geçýär eken. Otlymyz ýüregimiziň sesine ses goşup, ýola düşdi. Mundan beýläk her ädim seni maňa has golaýlaşdyrýardy. Köpçülik, otlymyzyň bagşysam, şahyram, şahandazam  ýetikdi. Her kim bir zatda: sazanda sazynda, bagşylar heňe salyp, şahyr goşgularynda, suratçylar çeken suratlarynda öz duýgularyny, harby gullukda geçilen iki ýyllyk döwri, kä agyr, kä ýeňil, käte begençli pursatlary beýan edip gelýärdi...

Süleýman TEKÄÝEW
Daşoguz welaýatynyň Görogly Etrabynyň ýaşaýjysy