Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Aşgabat mejlisinden soňky oýlanmalar
Türki dünýä! Ol şahalary gol ýaýradan goja daragta çalymdaş. «Daragt kökünden suw içer» diýlişi ýaly, müňýyllyklara barabar bitewi taryh, medeni-ruhy ýakynlyklardyr umumy gymmatlyklar bu daragtyň köklerine dirilik nemini berýär. Şeýlekin uly kuwwat bu gün doganlyk döwletleriň syýasy erk-eradasy bilen birleşip, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) düýp esaslaryny, Ýewraziýa giňişligindäki täsirli ornuny has-da pugtalandyrýar. Öz işini dürli düzümlerdir geňeşler arkaly alyp barýan bu guramanyň Aksakgallar geňeşi bolsa türki halklaryň baý taryhy mirasyna belent sarpanyň ýüze çykmasydyr, iň asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilmegidir.