Pederlerden miras - terbiýeçilik mekdebi

12 Mart 2024
395

Türkmen halkynyň terbiýeçilik medeniýetiniň kökleri öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Pederlerimiziň terbiýe ýoly arassa ahlak sypatlaryna, sagdyn ruha eýedir. Bu kada inçelik bilen çemeleşen ata-babalarymyz edep-ekramly, süňňi halal, päk ahlakly, ynsaply, belent adamkärçilikli, zähmetsöýer, watansöýüji ynsanlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda yhlas edipdirler. Çaga terbiýesinde ene-mamalarymyzyň orny uludyr. Çaga terbiýesinde esasy agram eneleriň gerdenine düşýär diýsek-de, hakykatdan daş düşmeris. Çünki çaga körpelikden öýde, köplenç, ejesi bilen ýakyn hem ýygy aragatnaşykda bolýar. Şonuň üçin kähalat erkek oglanlaryň hem ejeleri bilen syrdaş bolýandygyny durmuşda göre-göre gelýäris.

Dünýä akyl ýetirip başlan çaga soňra ata-eneden, uly doganlarydyr garyndaşlaryndan, daş-töweregindäki adamlardan görelde alyp başlaýar. Şonuň üçin çaganyň töweregini gurşap alan ynsanlaryň öz hereketlerine, aýdýan sözlerine, terbiýesine gaty ünsli bolmagy gerek. Çünki halk pähiminde aýdylyşy ýaly, çaga ezizdir, emma edebi ondan-da ezizdir. Çuň many-mazmuna ýugrulan bu pähimler uzak asyrlaryň synagyndan geçip, biziň günlerimize gelip ýetendir. Terbiýe mekdebi bolup, akyl-paýhas hazynasy hökmünde öz gymmatyny ýitirmän, halk hakydasynda ýaşaýandyr. Türkmen nusgawy edebiýatynyň ägirtleriniň döredijiligine ser salanyňda hem olaryň köp bölegi öwüt-ündew häsiýetli eserlerdir.

Nazira JUMABAÝEWA
Çärjew etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy