Arkadagly Gahryman Serdarymyz, halkyň belent ykrary Siz!

12 Mart 2024
419

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly taryhyna müdimilik ýazylan we aýratyn many-mazmuna hem-de uly ähmiýete eýe bolan şanly sene — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýanlyk, bäsdeşlik, giň demokratik esaslarda geçen ählihalk saýlawlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti diýen belent hem-de jogapkärli wezipä saýlanan gününi agzybir hem merdana halkymyz uly ruhubelentlik bilen dabaralandyrýar. Belent ösüş-özgertmelere beslenip döwletimiz hem halkymyz üçin rowaçlykly geçýän her bir günüň gymmaty ýurdumyzyň uludan-kiçi ähli raýatlarynyň kalbynda hormatly Prezidentimize bolan buýsanjy, hoşallygy, päk alkyşlary joşdurýar.

Täze taryhy döwrüň ilkinji şanly ýylynyň 12-nji martynda geçen saýlawlar halkymyzyň watançylyk düşünjesini, her bir raýatyň öz ýurdunyň geljegi üçin jogapkärçilik duýgusyny, işjeň durmuş ýörelgesini aýdyň görkezmekde, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de demokratik ýol bilen ynamly öňe gitmeginde möhüm ädim boldy. Mähriban halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýokary döwlet wezipesine saýlamak bilen, asyrlaryň jümmüşinden gelýän milli ýörelgelerimize ygrarlydygyny doly aýan etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän  ajaýyp pursatlarynda merdana halkymyz bu şanly senäni uly hormat bilen, giňden dabaralandyrýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni özüniň döwlet syýasatynyň baş ugry edinen Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyz bilen baky jebisliginiň mizemezdigini aýan edýär. Beýik geljeginiň hatyrasyna gurýan we döredýän milletimiz hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän tutumly özgertmelerine, öňdengörüjilikli syýasy paýhasyna, ynsanperwer ýörelgelerine tüýs ýürekden guwanýar hem buýsanýar.

«Daşoguz habarlary».