Nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy — ileri tutulýan ugur

11 Mart 2024
483

Ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlyk meselesi mart aýynyň başynda ýene-de ilkinji hatara çykdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1 — 2-nji martda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary muňa mysal bolup, onuň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikleri geçirdi, üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda çykyş etdi, türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we žurnalistler bilen duşuşdy.

Bu wakalary beýan eden daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleri türkmen tebigy gazyny Türkiýä eksport etmek, şeýle hem gazy Ýewropa ugratmak babatda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada söz açdylar.

Leýli AŞYROWA,
«Nebit-gaz».