Nakgaşlyk sungatynda enäniň we çaganyň keşbi

11 Mart 2024
605

Enäniň we çaganyň keşbi nakgaşlyk sungatynda hiç wagt ähmiýetini ýitirmeýän temalaryň biridir. Ynsan kalbynyň jümmüşinde saklanýan şeýle mährem duýgulary wasp edýän sungat eserleri çeper gymmata eýedir. Olar adamzada mahsus bolan tämiz hem mähir-muhabbete ýugrulan aýratynlyklary özünde jemläp, mukaddesligiň, kerem-keramatyň aňrybaş nusgasyny ýüze çykarýar. Bu babatda zehinli türkmen suratkeşleriniň ençemesi enäniň we çaganyň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly keşplerini suratlandyryp, dürli ýyllarda kämil eserleri döretdiler. Olaryň arasyndan Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowa, Aman Kulyýew, Yzzat Gylyjow, Çary Amangeldiýew dagylary görkezmek bolar. Suratkeşler özboluşly şekillendiriş serişdeleriň we çeper usullaryň üsti bilen enäniň nurana keşbini, mylaýym gylyk-häsiýetini özboluşly açyp görkezmegi başarypdylar.

Mährem eneleriň nurana keşbine bolan çäksiz söýgi Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň döredijiliginde aýdyň şöhlelenýär. Ol ene söýgüsiniň älem-jahan ýaly giňligini öz eserlerinde takyk beýan edýär. Muňa mysal edip, suratkeşiň 1941-nji ýylda döreden «Ilkinji ädimler» eserini buýsanç bilen görkezmek bolar. Onda enäniň ilkinji gezek ädim ädýän çagajygyna bolan çäksiz söýgüsi we bagtyýarlygy, şatlyk duýgulary açylyp görkezilýär. Suratkeş bu ýerde türkmen halkynyň maşgala durmuşynyň häsiýetli aýratynlyklaryny açmagy başarypdyr. Eseriň baş gahrymanlary: ene, eje we çagajyk. Eser türkmeniň milli halysy düşelen ak öýüň içinde suratlandyrylýar.

Selim RASULOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.