ÖNÜMÇILIK ARKALY DAŞKY GURŞAWYŇ GORAGY

5 Mart 2024
352

Ekiniň hasyllylygyny ozalkysyndan 70 göterime çenli artdyrýan döküniň önümçiligi  bilen daşky gurşawy zyýanly galyndylardan goramak ýaly ähmiýetli işi biribiri bilen sazlaşdyryp bolarmy?  Sowaly sadalaşdyralyň: örän peýdaly döküni öndürýärkäk, daşky gurşawy polimer we plastik galyndylardan gorap bilerismi? S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallym öwrenijisi Gülälek Allakulyýewa bu sowala «Hawa» diýip jogap berýär. Ikinji bir sowala garaşmazdan, muny nädip edip boljakdygyny hem düşündirýär:

Gülälek mugallymyň pikirine görä, biogumusyň önümçiligi üçin zerur bolan gyzyl kaliforniýa gurçuklaryny polimer galyndylary bilen iýmitlendirip, hem peýdaly dökün alyp, hem daşky gurşawy zyýanly galyndylardan halas edip bolar. Biogumusyň nähili dökündigini köpiňiz bilýänsiňiz. Bilmeýän bolsaňyz, gysgaça şeýle düşündiriş bereli. Biogumus käbir ekinleriň hasyllylygyny ozalkysyndan 70 göterime çenli artdyrýar. Käbir takyk maglumatlara ýüzlensek, biogumusdan «gerk-gäbe doýan» däneli ekinler ozalkysyndan 25, bakja ekinleri 40 göterime golaý kän hasyl berýär. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Ylymlar akademiýasynyň her ýyl bilelikde yglan edýän ylmy işleriň bäsleşiginde geçen ýyl öňdäki orunlaryň birini eýelän ýaş alym öz ylmy gözleglerini ýokarda ady agzalan gurçuklaryň bioekologiýasyna we olaryň polimer galyndylaryny dargatmakdaky ornuna bagyşlapdyr.

Agageldi ITALMAZOW
«Arkadagly Ýaşlar»