Şanly tutumlara badalga

5 Mart 2024
255

Welaýat häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde garalan meseleleriň, öňde goýlan wezipeleriň ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi. «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly bu maslahata il sylagly ýaşulular, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Geňeşleriň arçynlary, talyp ýaşlar hem-de medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna, döwletimizi ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda badalga berlen beýik özgertmelere bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň degişli Kararnamasy bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda kabul edilen çözgütleriň we durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Ýurdumyzda kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, sebitleri gyradeň ösdürmek, raýatlaryň iş üpjünçiligini we zähmet gatnaşyklaryny döwrebap kadalaşdyrmak, ýaşlary goramak we goldamak boýunça alnyp barylýan işler dogrusyndaky aýdylanlar maslahatda edilen çykyşlaryň özenini düzdi.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.