Türkmenistan — Owganystan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürilýär

5 Mart 2024
466

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi hem-de bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirilýär

Aşgabat, 4-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda owgan harytlarynyň sergisi açyldy hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi. Bu çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Owganystanyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň, 230-dan gowrak kompaniýanyň we kärhananyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň uly wekilçilikli topary Aşgabada geldi.

Surata düşüren Hasan MAGADOW.