Döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalary ägirt uly güýje öwrülýär

3 Mart 2024
388

28-nji fewralda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň mejlisler zalynda söwda toplumy boýunça «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz işler dogrusynda çykyşlar edildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm özgertmeler, taryhy ähmiýetli başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny öz içine alýan ösüş maksatnamalary durmuşa geçirilip hem-de düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, ägirt uly üstünlikler gazanylýar.

Setdar Setdarow,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.