Gatnaşyklaryň täze sahypalary

29 Fewral 2024
435

Türkmenistanyň daşary syýasatda öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary täze belentliklere çykarmaga giň şertleri döredýär. Ýurdumyz dünýä ýüzünde ynsanperwerlige ýugrulan pikirleri öňe sürýänligi bilen ençeme döwletleriňdir halkara guramalaryň goldawyny gazandy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ençeme tutumlary dünýä döwletleriniň aglabasy tarapyndan goldanyldy. Şeýle tagallalar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bu gün Türkmenistanyň daşary döwletlere uzaýan dostluk köprüleri has alyslary nazarlaýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty ýurdumyzyň Konstitusiýasy, konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem döwletimiziň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.

Enejan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.