Sepgit sökelliklerinden ägä boluň!

27 Fewral 2024
452

Gyş öz ornuny ýaz paslyna berýär. Bu möwsüm sepgidinde saglygymyz barada aýratyn alada etmeli. Çünki gyşdan soň bedenimiz gowşaýar, bu döwürde bedeniň taplanmagy zerur. Baharyň gelmegi bilen, Gün şöhlesi ýitileşýär, gündiziň dowamlylygy uzaýar, howa barha maýlaýar. Tebigatyň janlanmagy netijesinde saglyk bilen bagly aladalar hem peýda bolýar.

Adamyň bedeni ýylyň her möwsümi üçin aýratyn çemeleşmäni talap edýän çylşyrymly ulgam bolup, sepgitler elmydama durnukly geçmeýär. Eger-de saglyk aşa nerw dartgynlylygy — stresler, zyýanly endikler, keseller bilen gowşan bolsa, sepgitleriň geçişi hem dartgynly bolýar. Gyşyň ýaza geçiş döwri aýratyn çylşyrymly hasaplanýar.

Bahar NURSÄHEDOWA,
Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň terapiýa bölüminiň terapewt lukmany.