Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleriniň Gyrgyzystana bolan saparynyň çäklerinde ýurduň Sanly ösüş ministrliginiň we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Bu barada BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.
Bu sapar BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Türkmenistanda pudagara elektron alyşmalar ulgamyny synag esasynda ornaşdyrmaga ýardam etmek” taslamasynyň çäklerinde guraldy.